Veriloft Baha
Bahalar boýunça saýlamak

Tanyşdyryş saýt – ýokary hilli, göwrümi boýunça kiçi bolan websaýt. Onuň kömegi bilen siz täze müşderileri, partnýorlary aňsatlyk bilen tapyp, kompaniýaňyz hakynda maglumatlary paýlaşyp, ýerine ýetiren işleriňizi görkezip ýa-da satýan önümleriňiziň bahalaryny ýerleşdirip, özüňize blog ýöredip täzelikleri, tejribäňizi internet älemindäki ulanyjylar bilen paýlaşyp bilersiňiz. Bu saýtlar, beýleki saýtlardan birnäçe ýollar arkaly tapawutlanýar:

Elýeterli. Siz bu görnüşdäki saýtda iň gerekli bolan maglumatlary, suratlary, wideo ýazgylary, prezentasiýalary ýerleşdirip bilersiňiz. Bu saýdyň döretmek işiniň bahasy beýleki görnüşdäki saýtlardan birnäçe esse arzandyr. Siz peýdalanmajak funksiýalaryňyza artykmaç töleg etmeýärsiňiz.

Ýönekeýlik. Bu görnüşdäki saýtlar kiçi saýtlar bolandygy sebäpli, muny dolandyrmak üçin hiçhili artykmaç güýç sarp edilmeýär. Saýdyň strukturasy kiçi bolandygy sebäpli ony dolandyrmak ýeňil bolup durýar.

Çalt. Bu görnüşdäki saýtlary taýýarlamak, döretmek we internede ýerleşdirmek beýleki saýtlardan az wagt talap edýär. Beýleki görnüşdäki saýtlar 1 aýyň dowamynda taýýarlanýan bolsa, bu görnüşdäki saýtlar 1 hepde içinde ulanylyşa berilip biliner.


Jemi: 150$